Screen not supported


Oýun sanawy

Türkmenistan we Ýaponiýa akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny giňeltmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistan we Ýaponiýa akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny giňeltmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar

302
07 Okt. 06:30

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory Gurbanmyrat Mezilowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti 3–4-nji oktýabry aralygynda Ýaponiýanyň Tokio şäherine sapary amala aşyrdy.

2025-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) Ýokary bilim we durmuş üpjünçiligi işleri boýunça toparynyň direktory D.Ueda bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, JICA agentligi tarapyndan Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary üçin taýýarlanylýan okuw maksatnamalarynyň hem-de hünär taýýarlygy boýunça taslamalarynyň dowam etdirilmegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem, agzalan agentligiň tehniki hyzmatdaşlygynyň çäginde akademiki alyş-çalyş maksatnamalarynyň giňeldilmegi bellendi.

Şol gün Tokio şäherinde ektor Mezilowyň Ýaponiýanyň Kawasaki senagat ösüş institutynyň Nanomedisina innowasiýa merkeziniň direktorynyň orunbasary K.Nagai bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda nanomedisinanyň häzirki ösüş ugurlary, onuň ynsanperwer ulgamyndaky orny, şeýle hem bu ugurda Ýaponiýada alnyp barylýan öňdebaryjy ylmy-barlag işleriniň netijeleri barada giňişleýin pikir alşyldy. Türkmen wekiliýeti tarapyndan Türkmenistanyň ylym we bilim ulgamlarynda ýokary nanotehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna hem-de bu ugurda ýaş alymlaryň taýýarlanylmagyna uly ähmiýet berilýändigi nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, nanotehnologiýa ugurlarynda bilim alýan türkmen talyplary üçin agzalan merkezde tejribelik okuwlarynyň guralmagy we bilelikde ylmy-barlag taslamalarynyň taýýarlanylmagy teklip edildi.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi