Screen not supported


Oýun sanawy

Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň işewür gatnaşyklary «EKSPО-2025»-iň çäginde geçirilen işewürlik forumynda pugtalandyryldy

Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň işewür gatnaşyklary «EKSPО-2025»-iň çäginde geçirilen işewürlik forumynda pugtalandyryldy

1.636k
28 Iýul. 10:23

Osaka şäherinde geçirilýän halkara «EKSPО-2025» sergisiniň çäginde Türkmenistanyň Milli pawilýonynda Türkmenistan–Ýaponiýa işewürlik forumy geçirildi. Forumyň maksady iki ýurduň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek we söwda gatnaşyklary giňeltmek boldy.

 

Forumyň esasy ugry Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de söwda we maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmekden ybarat boldy. Çäräniň dowamynda ýokary tehnologiýalar we innowasion ulgamlardaky hyzmatdaşlyk boýunça teklipler we çözgütler ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Maslahatyň dowamynda ýapon telekeçileriniň türkmen bazarynda täze mümkinçilikleri döretmek baradaky pikir alyşmalar boldy. Şeýle-de, türkmen işewürleriniň ýapon tehnologiýalaryny ulanmak we innowasion taslamalary döretmek mümkinçilikleri seljerildi.

 

Gepleşikler söwda, sanly ykdysadyýet, innowasiýa, energetika we ulag ulgamlarynda işewür gatnaşyklary berkitmek meselelerine gönükdirildi. Guramacylar işewürlik forumynyň ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde we Merkezi Aziýa sebitindäki ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ädim bolandygyny bellediler.



























TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ

Maglumat ýok