Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi Batyr Rejepow 15-nji awgustda Birleşen Milletler Guramasynyň Astanadaky ýaşaýyş koordinatory Sarango Radna bilen duşuşdy.
Taraplar Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm ornuny bellediler. Söhbetdeşler bilelikde çäreleri geçirmek barada-da pikir alyşdylar.
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda 2025-nji ýylyň 5-nji awgustyndan 8-nji awgustyna çenli geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň ähmiýetine aýratyn üns berildi.






