2025-nji ýylyň 29-njy iýulynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) gatnaşyjy döwletleriň Baş prokurorlarynyň utgaşdyryjy geňeşiniň ýerine ýetiriji sekretary Ýuriý Ždanow bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasy habar berýär.
Duşuşykda taraplar GDA ýurtlarynyň hukuk goraýjy edaralarynyň hyzmatdaşlygynyň ösdürilişi, şeýle hem GDA döwletleriniň Baş prokuraturalarynyň ugry boýunça meýilleşdirilen duşuşyklaryň guramaçylyk meseleleri, şol sanda şu ýylyň güýzünde geçiriljek Baş prokurorlaryň utgaşdyryjy geňeşiniň mejlisi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Şu çäräniň taýýarlyk işleriniň çäklerinde, 2025-nji ýylyň awgust aýynyň ahyrynda Moskwada halkara hyzmatdaşlyk meselelerine jogapkär GDA ýurtlarynyň prokurorlarynyň orunbasarlarynyň duşuşygy geçiriler.