Screen not supported


Oýun sanawy

Türkmenistan milli futbol ýaryşlary üçin komissarlary taýýarlady

Türkmenistan milli futbol ýaryşlary üçin komissarlary taýýarlady

735
16 Iýul. 09:08

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy futbol boýunça ýurdumyzyň çempionatynyň, Türkmenistanyň Kubogynyň hem-de ýaşlar birinjiliginiň duşuşyklaryna gözegçilik etjek komissarlar üçin okuw maslahaty gurady. Okuw sapaklary milli ýaryşlaryň eminçilik hyzmatynyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen köpugurly «Aşgabat» stadionynda geçirildi.

Seminar gatnaşyjylary futbol duşuşyklary wagty komissaryň wezipelerini giňişleýin öwrenmäge mümkinçilik aldylar.

Okuwy üstünlikli tamamlan gatnaşyjylara degişli sertifikatlar gowşuryldy. Bu sertifikatlar olara Türkmenistanyň çempionatynyň, ýurduň Kubogynyň hem-de ýaşlar ligasynyň duşuşyklarynda komissar hökmünde işlemek hukugyny berýär.



























TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ

Maglumat ýok