BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisiniň Umumy syýasat ýygnagynda eden çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Parahatçylyk we ynanyşmak medeniýeti boýunça Bütindünýä sammitini geçirmegi teklip etdi.
Global ösüş tendensiýalarynda milli çemeleşmeleri sazlamak, ynamy we özara düşünişmegi ýola goýmak we berkitmek prosesi yzygiderli bolmalydyr diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýytdy.
Şunuň bilen baglylykda Türkmenistan Parahatçylyk we ynanyşmak medeniýeti boýunça Bütindünýä sammitini teklip edýär diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti, halkara ynanyşmak kodeksiniň ösdürilmegini sammitiň esasy maksatlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Bu kodeks, hormat, özygtyýarlylyk we territorial bitewilik ýörelgelerine esaslanýan ýurtlaryň arasynda gatnaşyklary gurmak, hyzmatdaşlygy we global meseleleri bilelikde çözmek üçin ähliumumy esas bolup hyzmat eder diýip, Serdar Berdimuhamedow nygtady.
Çeşme: BMG-nyň resmi web sahypasy






