Dünýä derejesindäki iri çäre - Türkmenistanyň 2025-nji ýylky Maýa goýum forumy (TIF 2025) golaýlaşýar. Bu foruma dünýäniň 45 döwletinden 500-den gowrak işewürler, maýadarlar we bilermenler gatnaşmak üçin hasaba alyndy. Bu barada «Takyk» neşirine forumyň Guramaçylyk komitetinde habar berdiler.
Forum Türkmenbaşy şäheriniň Awaza syýahatçylyk zolagynda, Hazaryň kenarynda ýerleşýän «Awaza» sport toplumynyň Kongres merkezinde geçiriler. Bu, işewür maksatnamany dynç alyş bilen utgaşdyrmak üçin ajaýyp mümkinçilik bolar.
Ine, TIF 2025 barada esasy maglumatlar:
45 döwletden 500-den gowrak wekil gatnaşjakdygyny tassyklady.
100-den gowrak halkara spikerleriň çykyş etmegine garaşylýar.
Forum 20-den gowrak resmi hemaýatkärleriň we hyzmatdaşlaryň goldawy bilen geçirilýär.
Myhmanlar üçin esasy taslamalaryň tanyşdyrylyşy boljak 10 sany sergi guralar.
Guramaçylar täze mümkinçilikleri hödürleýän sanly tehnologiýalara aýratyn üns berdiler. Ilkinji gezek Türkmenistanda foruma gatnaşyjylar üçin TIF 2025 Attendee Hub atly ykjam goşundy döredildi. Bu sanly kömekçi her bir wekil üçin şahsy gollanma bolar.
Bu goşundy aşakdaky mümkinçilikleri berer:
Ähli habarlary we täzelenmeleri dessine almak.
Maksatnama bilen tanşyp, şahsy meýilnama düzmek.
Howpsuz sanly giňişlikde maýadarlar we bilermenler bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmak.
Guramaçylyk komiteti TIF 2025-iň halkara ähmiýetli platforma öwrülmegine ýardam eden ähli hemaýatkärlere we hyzmatdaşlara minnetdarlyk bildirýär, bu möhüm wakanyň başlamagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýar we ähli gatnaşyjylara üstünlikli we netijeli işleri arzuw edýär.