Screen not supported


Oýun sanawy

Türkmenistan FIFA-nyň Jakartadaky iş maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistan FIFA-nyň Jakartadaky iş maslahatyna gatnaşdy

977
30 Iýul. 11:24

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Baş sekretary Serdar Geldiýew we guramanyň tehniki direktory Röwşen Meredow 21–25-nji iýul aralygynda Indoneziýanyň paýtagty Jakarata şäherinde geçirilen Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) halkara iş maslahatyna gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.

 

Maslahat FIFA-nyň baş tehniki hünärmenleri Jeými Houçen bilen Ýurg Nepferiň ýolbaşçylygynda geçirildi.

 

Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar futbol işleriniň tehniki taýdan gurnalyş meseleleri barada pikir alyşdylar.

 

Maslahatyň gün tertibinde futbol taslamalarynyň uzak möhletleýin meýilleşdirilişi, sportda liderlik başarnyklaryny ösdürmek we halkara tejribe alyşmak meseleleri aýratyn orun aldy.

 

Bu maslahat FIFA tarapyndan dünýäniň dürli sebitlerinde futboly ösdürmek ugrunda geçirilýän çäreleriň dowamy boldy.



























TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ

Maglumat ýok