Türkmenistan Parižde geçirilen ÝUNESKO-nyň okeanografiýa boýunça hökümetara komissiýasynyň 33-nji mejlisine gatnaşyp, deňiz ekosistemalarynyň goragynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge taýýardygyny tassyklady hem-de Hazar deňzi üçin sebit ekologiýa platformasynyň döredilmegi boýunça başlangyjy hödürledi. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berýär.
Türkmen wekiliýetine Hazar deňzi institutynyň, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky wekilhanasynyň hem-de Daşary işler ministrliginiň wekilleri girdi. Mejlisde akwatoriýalaryň we kenarýaka ýerleriň gözegçiligi, howanyň üýtgemeginiň okeanyň akymlaryna täsiri boýunça çaklamalar, seýrek duş gelýän deňiz haýwanlarynyň goraglylygyny üpjün etmek hem-de irki duýduryş ulgamlarynyň işlenip düzülmeginiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
ÝUNESKO-nyň okeanografiýa boýunça hökümetara komissiýasynyň mejlisi Hazar deňziniň gününiň öňüsyrasynda geçirildi. Bu ýyl 65 ýyllygyny belleýän komissiýa deňizleriň barlagy we deňiz serişdeleriniň durnukly peýdalanylmagy boýunça halkara tagallalary utgaşdyrýar.