Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň wekilleri Malaýziýanyň Ulag ministrliginiň goldaw bermeginde gurnalan Deňiz kuwwatlylygyny ýokarlandyrmak boýunça sebitleýin maksatnama gatnaşdylar. Bu maksatnama 2025-nji ýylyň 21–25-nji iýuly aralygynda Kuala-Lumpur şäherinde geçirildi we Merkezi hem-de Günorta Aziýadan, şeýle hem ASEAN-yň agza ýurtlaryndan 29 wekili gatnaşdy. Maksatnamanyň esasy maksady deňiz portlary boýunça hyzmatdaşlygy berkitmek, bu ugurda tejribe alyşmak we Malaýziýanyň öňdebaryjy tejribelerini ornaşdyrmak boldy.
Çäräniň resmi açylyş dabarasy Malaýziýanyň ulag ministriniň orunbasary, jenap Datuk Haji Hasbi bin Haji Habibolla tarapyndan geçirildi. Bäş günlük okuw maksatnamasynyň dowamynda port amallarynyň meýilleşdirilişi, Halkara Deňiz Guramasynyň (IMO) konwensiýalarynyň düzgünleri, portlaryň sanlylaşdyrylmagy ýaly möhüm ugurlar boýunça hünärmenler tarapyndan okuw sapaklary geçirildi.
Türkmenistanyň wekilleriniň bu çärä gatnaşmagy ýurdumyzy halkara deňiz hyzmatdaşlygyny ösdürmäge hem-de deňiz ulag ulgamyndaky tejribesini kämilleşdirmäge gönükdirilen tagallalarynyň aýdyň subutnamasydyr.