Screen not supported


Oýun sanawy

Türkmenistan Ženewada Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasynyň 66-njy mejlisinde gatnaşýar

Türkmenistan Ženewada Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasynyň 66-njy mejlisinde gatnaşýar

707
11 Iýul. 05:50

Türkmenistanyň wekiliýeti 2025-nji ýylyň 8–17-nji iýuly aralygynda Ženewa şäherinde geçirilýän Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasyna agza-döwletleriniň 66-njy mejlisiniň ýygnaklaryna gatnaşýar. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Intellektual eýeçiligi boýunça döwlet gullugynyň müdiri ýolbaşçylyk edýär diýip, Türkmenistanyň Ženewadaky BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasynyň mejlisinde guramanyň agza-döwletlerinden 1000-den gowrak wekili gatnaşýar. Mejlisiň dowamynda Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasynyň komitetleriniň we dolandyryş edaralarynyň nobatdaky we ýörite ýygnaklary, şeýle-de sebitleýin toparlaryň maslahatlaryny geçirmek meýilleşdirilýär. Olarda intellektual eýeçiligiň halkara ulgamyny berkitmek, patent, awtorlyk hukuklary babatynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, sanly öwrülişik, innowasiýalar we emeli intellektiň orny bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Mejlisiň dowamynda döredijileriň we intellektual eýeçiligi ulanýanlaryň bähbitleriniň tehnologiýalaryň çalt ösýän döwründe deňagramlylygyny üpjün etmek meselesine aýratyn üns berilýär. Türkmen wekiliýeti bu çäräniň çäklerinde degişli halkara guramalaryň we Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasyna agza-döwletleriniň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmegi meýilleşdirýär.

Gepleşiklerde Türkmenistanyň milli bähbitlerine we dünýä derejesindäki ugurlara laýyk gelýän orta möhletli Intellektual eýeçilik ulgamynyň Strategiýasyny işläp düzmek, şeýle-de 2021–2025-nji ýyllar üçin Intellektual eýeçiligi ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, ýurduň hukuk binýadyny giňeltmek we Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasynyň şertnamalaryna goşulmak arkaly milli mümkinçiligiň ýokarlandyrylmagy boýunça hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Häzirki wagtda Türkmenistan Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasynyň 15 şertnamasynyň agzasydyr.



























TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ

Maglumat ýok