Screen not supported


Oýun sanawy

BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar boýunça konferensiýasynyň gatnaşyjylary üçin “Awaza AI” wirtual kömekçisi tanyşdyryldy

BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar boýunça konferensiýasynyň gatnaşyjylary üçin “Awaza AI” wirtual kömekçisi tanyşdyryldy

1.562k
11 Iýul. 10:23

Deňiz çykalgasy bolmadyk ösýän ýurtlar boýunça BMG-niň Üçünji konferensiýasynyň (LLDC3) öňüsyrasynda Türkmenistanda “Awaza AI” atly wirtual kömekçi tanyşdyryldy. Wirtual kömekçi, çäräni kabul edýän ýurt hökmünde Türkmenistanyň Hökümetiniň goldawy bilen işlenip düzüldi.

Innowasion emeli aň agenti forumyň gatnaşyjylaryna çärä degişli gyssagly we takyk maglumatlary ýetirmek üçin döredildi.

“Awaza AI” gatnaşyjylara konferensiýanyň meýilnamasy, çykyş edýänler logistika we guramaçylyk aýratynlyklary barada giňişleýin maglumat berýär hem-de hakyky wagt goldawyny üpjün edýär.

Awgust aýynyň başynda geçiriljek BMG-niň Deňiz çykalgasy bolmadyk ýurtlar boýunça Üçünji konferensiýasynyň maksatnamasynda tematik tegelek stollar, BMG agza ýurtlar, hökümete degişli bolmadyk guramalar hem-de hususy pudagyň wekilleri tarapyndan guralýan goşmaça çäreler göz öňünde tutulýar. Şeýle-de, durnukly ösüş, halkara söwda, ulag, infrastruktura, maglumat tehnologiýalary we howa şertleri bilen baglanyşykly sergileriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Konferensiýanyň çäginde ýaşlara, zenan liderlere, raýat jemgyýetiniň hem-de hususy pudagyň wekillerine niýetlenen ýygnaklara aýratyn üns berilýär.



























TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ

Maglumat ýok