Screen not supported


Oýun sanawy

Türkmenistan milli seýilgähleri döretmekde Gruziýanyň tejribesini öwrenýär

Türkmenistan milli seýilgähleri döretmekde Gruziýanyň tejribesini öwrenýär

272
02 Awgust. 07:13

Daşky gurşawy goramak hünärmenlerden we hökümete degişli bolmadyk guramalaryň wekillerinden ybarat türkmen wekiliýeti milli seýilgähleri döretmek we dolandyrmak boýunça öňdebaryjy tejribäni öwrenmek üçin Günbatar Gruziýa bardy. Bu sapar Türkmenistany täze goralýan ýerleri döretmekde goldamaga gönükdirilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň başlangyjy boldy.

 

Türkmen hünärmenleri Maçahela, Mtirala we Kolheti milli seýilgählerine baryp gördüler, şol ýerde Gruziýa ekoturizmi ösdürmäge bolan çemeleşmeleri, bu ugurdaky ylmy gözlegler we daşky gurşaw bilimini artdymak boýunça strategiýalary bilen tanyşdylar.

 

Saparyň jemleýji çäresi Batumi uniwersitetinde geçirilen tegelek stoly boldy. Onuň dowamynda ýaşlary daşky gurşaw taslamalaryna çekmek we ekosyýahatçylyk strategiýasyny ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmak barada ylalaşyk gazanyldy.

 

Türkmen delegasiýasynyň agzalary Türkmenistanda milli seýilgäh üçin synag taslamasyny işläp düzmek maksady bilen gruzin kanunçylygyny öwrenip başladylar.



























TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ

Maglumat ýok