Screen not supported


Oýun sanawy

Türkmenistan deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin merkez bolar

Türkmenistan deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin merkez bolar

729
25 Iýul. 11:09

Türkmenistanda ýerleşýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy 2025-nji ýylyň awgust aýynyň başynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny kabul eder. Bu waka, geografik ýerleşişi aýratyn ykdysady kynçylyklary döredýän 32 ýurt üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Maslahatyň maksady – bu ýurtlarda Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) ýetmäge gönükdirilen Hereketleriň täze onýyllyk maksatnamasyny işläp taýýarlamakdyr.

 

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar deňze göni çykalgasynyň bolmazlygy, çetde ýerleşmegi we dünýä ykdysadyýetine doly goşulyp bilmezligi sebäpli kynçylyklara sezewar bolýarlar. Bu ýagdaý olaryň söwda çykdajylarynyň ýokarlanmagyna, infrastruktura mümkinçilikleriniň çäkliligine we gümrük proseduralarynyň kynçylygyna sebäp bolýar, netijede olaryň eksport bäsdeşlige ukyplylygy peselýär.

 

Üstaşyr azatlygy deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň global söwda ulgamyna goşulmagy üçin örän möhümdir. Bu mümkinçilik olara öz harytlaryny goňşy ýurtlaryň üsti bilen päsgelçiliksiz daşamaga, ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmaga, maýa goýumlaryny çekmäge we halkara söwda ulgamlaryna goşulmaga mümkinçilik berer. Şol bir wagtyň özünde bu üstaşyr ýurtlara hem peýdalydyr, çünki sebitara söwdanyň we ykdysady integrasiýanyň ösmegine itergi berer.

 

Merkezi Aziýanyň alty döwleti – Owganystan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan taryhda Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm bölegi bolup çykyş edipdir. Häzirki wagtda hem bu ýurtlar möhüm ulag-üstşyr merkezleri bolup durýar. Bu ýurtlarda ulag-logistika ulgamlarynyň ösdürilmegi dünýä söwdasynyň ösmegine oňyn täsir eder.

 

“Ulag infrastrukturasynyň ösdürilmegi deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin geografiki päsgelçilikleriň ýeňip geçilmegine itergi berýän möhüm faktor bolup durýar. Ýeterlik awtomobil, demir ýol we howa gatnawlarynyň bolmagy daşama çykdajylaryny we wagtlaryny azaltmak bilen, harytlaryň dünýä bazarlaryna netijeli iberilmegini üpjün eder. Bu bolsa önümçiligiň we goşmaça gymmatlygyň artmagyna mümkinçilik döreder” diýip, S.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mehanizasiýa fakultetiniň amaly mehanika kafedrasynyň dosenti, tehniki ylymlaryň kandidaty Amangeldi Halliýew belleýär.

 

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşan we durnukly bolmagy üçin täze tehnologiýalardan netijeli peýdalanmalydyr. Diwersifikasiýa çig mal bahalarynyň üýtgemegine we bazar durnuksyzlygyna bolan garaşlylygy peselder, durnukly we adalatly ösüşi üpjün eder. Awazada geçiriljek halkara maslahat bu ugurda möhüm ädim bolar.