Özüniň ägirt uly uglewodorod serişdelerine eýe bolan Türkmenistan bu tebigy baýlygyň durnukly ösüşiň hereketlendiriji güýji bolmagy üçin maksatly şertleri döredýär. Maksat diňe çig mal eksport etmek däl, eýsem netijeli, ekologiýa taýdan arassa energiýa ulgamyny gurmakdyr. “Takygyň” habarçysynyň habary esasynda, “Turkmengaz” Döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew bu barada OGT 2025-iň jemleýji metbugat maslahatynda yglan etdi.
Şu nukdaýnazardan ugur alyp, Babaýew Türkmenistanyň “Galkynyş” tebigy gaz känini tapgyrlaýyn özleşdirmek boýunça giňişleýin işler alyp barýandygyny belledi.
““Turkmengaz” Döwlet Konserniniň ýataklary özleşdirmek taslamalary barada aýdylanda, biz häzirki wagtda “Galkynyş” käniniň ikinji we üçünji tapgyrlarynyň üstünde işleýäris. Biz CNPC kompaniýasy bilen ikinji tapgyr — ýylda 30 milliard kub metr harytlyk gaz kuwwaty bolan “Galkynyş” känini özleşdirmek barada gepleşik geçirýäris. Ýylda 33 milliard kub metr harytlyk gaz kuwwaty bolan käni özleşdirmek boýunça üçünji tapgyr barada aýdylanda häzirki wagtda ADNOC kompaniýasy bilen gepleşikler geçirilýär. Bular ýataklary özleşdirmek üçin esasy taslamalar", - diýip, Babaýew nygtady.
Şeýle hem "Türkmengaz" Döwlet konserniniň başlygy gaz himiýasy pudagyndaky taslamalary gözden geçirmäge taýýardygyny tassyklady. Döwlet konserniniň hünärmenleri bu ugry ösdürmegi dowam etdirerler. Bu, esasan, importyň ornuny tutýan maksatlaryna laýyk gelýän taslamalary, şeýle hem eksport üçin isleg bildirilýän ýokary hilli önümleriň öndürilişini artdyrmagy öz içine alar diýip, "Türkmengaz" Döwlet konserniniň ýolbaşçysy beledi.






