Screen not supported


Oýun sanawy

Türkmenistan Halkara Tennis Federasiýasy bilen hyzmatdaşlyk boýunça Ähtnama taýýarlaýar

Türkmenistan Halkara Tennis Federasiýasy bilen hyzmatdaşlyk boýunça Ähtnama taýýarlaýar

435
15 Iýul. 09:19

Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy, Aziýanyň Tennis federasiýasynyň wise-prezidenti Eziz Dovletow Londonda geçirilýän Wimbldon ýaryşynyň çäklerinde Halkara Tennis Federasiýasynyň prezidenti Deýwid Haggerti bilen duşuşyk geçirip, milli federasiýa bilen halkara guramanyň arasynda özara düşünişmek boýunça Ähtnamanyň taýýarlamak meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada "Altyn asyr" elektron gazeti habar berýär.

Gol çekilmegine taýýarlanylýan bu resminama 213 sany milli tennis guramasyny özünde jemleýän halkara sport guramasy bilen hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir.

Taýýarlanýan Ähtnamada türkmen türgenleriniň dünýä tennis ulgamyna goşulyşmagy, ýurdumyzda professional tälimçileriň sanynyň artdyrylmagy, hünärmen alyşmalary we halkara bilermenleriň Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň tälim prosesine gatnaşmagy ýaly anyk ädimler görkeziler.

Halkara Tennis Federasiýasynyň prezidenti türkmen tälimçilerine uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, 4–15 awgust aralygynda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesindäki Aziýa sebit okuw-türgenleşik merkezinde ýerleşýän "Tennis toplumynda" Halkara Tennis Federasiýasynyň sebitleýin okuw seminarynyň geçiriljekdigi bellenildi.

Duşuşyga Halkara Tennis Federasiýasynyň menejeri Tim Jons hem gatnaşdy we türkmen tennisçileriniň şu ýyl gazanan üstünliklerini aýratyn nygtady.



























KATEGORIÝALAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ

TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ

Maglumat ýok