27-nji iýuldan 3-nji awgust aralygynda Blagoýewgradda (Bolgariýa) geçirilen 32-nji Halkara Matematika Olimpiadasynda (IMC-2025) türkmen talyplary 7 -2 altyn, 2 kümüş we 3 bürünç medal gazandylar.
Altyn medallary Halkara ynsanperwer we ösüş uniwersitetiniň talyplary Medina Ödaýewa we Nurmurat Ataýew gazandylar.
Ýokarda agzalan uniwersitetiň talyby Kerim Toýlyýew kümüş medal bilen sylaglandy. Ýene bir kümüş medaly Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Şabibi Nurjanowa gazandy.
Bürünç medallara Batyr Öwezmyradow (Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk instituty), Gurtgeldi Hanow (Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty) we Nurmuhammet Goçyýew (Türkmenistan döwlet energetika instituty) eýe boldular.
Londonyň uniwersitet kolleji we Bolgariýadaky Amerikan uniwersiteti tarapyndan gurnalan olimpiada 52 ýurtdan 434 talyp gatnaşdy.