Screen not supported


Oýun sanawy

Türkmenistan Parižde geçirilen fizika boýunça Halkara olimpiadasynda dört medal gazandy

Türkmenistan Parižde geçirilen fizika boýunça Halkara olimpiadasynda dört medal gazandy

2.145k
28 Iýul. 09:20

Pariž şäherinde geçirilen fizika boýunça Halkara olimpiadasynda (IPhO 2025) Türkmenistanyň fizika boýunça okuwçylardan düzülen ýygyndysy ýokary netijeleri gazanyp, dört medal we üç sany ýörite baýrak bilen sylaglandy.

 

Kümüş medallary Aýsenem Kakamyradowa bilen Mähriban Kakamyradowa aldy. Bürünç medallara bolsa Jumadurdy Nuryýew we Dowlet Annamyradow mynasyp boldy. Nurgeldi Annadurdyýew bolsa olimpiadada gowy netijeleri görkezendigi üçin Hormat haty bilen sylaglandy.

 

Medallardan başga-da, türkmen okuwçylary dürli şahsy baýraklara hem mynasyp boldular. Aýsenem Kakamyradowa gyz gatnaşyjylaryň arasynda iň gowy netije görkezeni üçin ýörite baýrak bilen sylaglandy. Nurgeldi Annadurdyýew bolsa ylmy-tehnologik ukyby üçin halkara derejeli “Thales STEM Award” baýragyna mynasyp boldy.

 

Türkmenistanyň ýygyndysy şeýle hem “ITER” baýragy bilen sylaglandy, bu bolsa diňe bir türkmen okuwçylarynyň ýokary bilim derejesini däl, eýsem ýurduň halkara ylmy bäsleşiklerde jemgyýetçilik ähmiýetli gatnaşygyny hem görkezýär.



























TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ

Maglumat ýok