Screen not supported


Oýun sanawy

Türkmenistan “Iň gowy ylmy makala — 2025” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmenistan “Iň gowy ylmy makala — 2025” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

842
18 Iýul. 07:42

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary G. Gurbanow, A. Hajyýewa, M. Meretdurdyýew, Ý. Işanowa we S. Orazowa tarapyndan taýýarlanan ylmy işler “Psihologiýa. Pedagogika” ugry boýunça — “Iň gowy ylmy makala — 2025” atly halkara ylmy bäsleşikde iň gowulary diýip ykrar edildi.

Ýokary okuw jaýynyň web sahypasynda habar berlişi ýaly, bäsleşik general-admiral F.M. Apraksiniň adyny göterýän Hazar deňiz we derýa ulaglary instituty tarapyndan «Каспийский научный журнал» atly ylmy neşir bilen bilelikde geçirildi.

Psihologiýa, pedagogika, tehnosfera howpsuzlygy we maglumat tehnologiýalary ýaly dört ugur boýunça geçirilýän bäsleşige Russiýadan, Hytaýdan we Türkmenistandan ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryndan, talyplaryndan hem-de alymlaryndan takmynan 50 sany ylmy iş gelip gowuşdy.

Ýeňiji bolan ylmy işler «Каспийский научный журнал» atly neşirde çap ediler we Russiýanyň ylmy sitatalar indeksiniň maglumatlar goruna ýerleşdiriler.



























TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ

Maglumat ýok