Türkmenistandan alty okuwçy Awstraliýanyň Kwinslend ştatynyň Sanşaýn-Kost şäherinde geçirilen 66-njy Halkara Matematika Olimpiadasynda üstünlikli çykyş edip, iki kümüş we bir bürünç medal, şeýle-de üç höweslendiriji baýrak gazandy.
Kümüş medallary Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň okuwçysy Mälikşa Meýlismyradow hem-de iňlis dili çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 135-nji orta mekdebiň okuwçysy Hamza Allaberdiýew gazandy. Bürünç medaly bolsa olaryň synpdaşy Maksat Babageldiýew eýeledi.
Höweslendiriji baýraklara bolsa Aşgabadyň ýöriteleşdirilen 86-njy mekdebiniň okuwçysy Kumuş Nobatowa, iňlis dili çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 97-nji mekdebiň okuwçysy Myrat Ruslanow hem-de daşary ýurt dilleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 130-njy mekdebiň okuwçysy Jelil Ataballyýew mynasyp boldular.
Bu halkara ders bäsleşigine dünýäniň 114 ýurdundan 635 okuwçygatnaşdy. 9 — 12-nji synp aralygyndaky okuwçylara bellenilen wagtyň dowamynda 7 sany kyn matematik mesele çözmek tabşyryldy.
Halkara Matematika Olimpiadasy ilkinji gezek 1959-njy ýyldan başlap dürli ýurtlarda yzygiderli geçirilýär.