Screen not supported


Oýun sanawy

Türkmenistanyň maýa goýum forumynda strategik ykdasydy geljege üns çekilýär

Türkmenistanyň maýa goýum forumynda strategik ykdasydy geljege üns çekilýär

888
18 Sen. 06:13

18-nji sentýabrda – Türkmenistanyň maýa goýum forumy (TIF 2025) şu gün resmi taýdan “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda açylyp, ýurduň maýa goýum gurşawyny öwrenmek üçin gelen 800-den gowrak halkara we ýerli delegaty kabul etdi. Bu barada Takyk habarçysy habar berdi.

Forum Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň alyp barmagyndaky “Strategiki netijeliligiň faktory hökmünde Türkmenistanyň maýa goýumlarynyň özüne çekijiligi” atly ýokary derejeli plenar mejlisi bilen başlandy. Mejlisiň dowamynda Bütindünýä Bankynyň (WB) Ýerine ýetiriji direktory Beatris Luz Maser Mallor çykyş etdi, şeýle hem BMG-nyň Baş Sekretarynyň kömekçisi Rabab Fatima onlaýn görnüşde mejlisde çykyş etdi.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Mammetguly Astanagulow daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek we durnukly ykdysady ösüşi ýokarlandyrmak boýunça hökümetiň strategik garaýşy bilen tanyşdyrdy.

Iki günlük forum esasy ykdysady pudaklar boýunça giňişleýin sessiýalary öz içine alar. “TIF 2025” Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet Ministrligi we Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan guralýar. “Türkmen Kongres” ýardamçy guramaçy hökmünde çykyş edýär.