Screen not supported


Oýun sanawy

ABŞ-nyň Prezidenti Türkmenistanyň baştutanyny Ak tamda geçiriljek duşuşyga çagyrdy

ABŞ-nyň Prezidenti Türkmenistanyň baştutanyny Ak tamda geçiriljek duşuşyga çagyrdy

1.480k
28 Okt. 06:28

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidenti Donald Tramp 27-nji oktýabrda Türkmenistanyň baştutanyna hat iberdi. Tramp türkmen kärdeşini Merkezi Aziýa ýurtlarynyň beýleki döwlet Baştutanlary bilen bilelikde Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin 2025-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Ak tamda geçiriljek duşuşyga çagyrdy.

“Duşuşygyň dowamynda ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň, howpsuzlygy pugtalandyrmagyň hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşarys. Biziň bilelikde ýokary sepgitlere ýetjekdigimize ynanýaryn. Sizi Ak tamda kabul etmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn” , diýip ABŞ-nyň baştutany ýazdy.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti