Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy şu hepde ýurdumyzyň çäklerinde yssy howanyň dowam etjekdigini habar beýär. Açyk howa ýagdaýynyň saklanmagyna garamazdan, hepdäniň soňunda käbir sebitlerde gysga möhletli ýagyşlar bolmagy mümkin.
Aşgabatda az bulutly howa garaşylypr, dynç günlerine çenli bolsa ol üýtgäp durýan bulutly ýagdaýa geçer. Kä ýerlerde ýagyş bolmagy mümkin. Gijelerine +23…+29°C, gündizlerine bolsa +36…+43°C aralygynda temperaturanyň bolmagyna garaşylýar. Demirgazyk-günbatardan gelýän ýel 16 m/s çenli güýçlenip biler.
Balkan we Ahal welaýatlarynda hem üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagmagy mümkin. Gündizki iň ýokary temperatura +43°C çenli ýetip biler, ýel 17 m/s çenli güýçlenýär.
Mary we Lebap welaýatlarynda howa ýagdaýy esasan az bulutly bolar. Lebapda iň ýokary temperaturanyň +44°C çenli ýokarlanmagyna garaşylýar.
Daşoguz welaýatynda hem yssy howa bolar, hepdäniň soňunda ýagyş ýagmagy mümkin. Ýeliň tizligi 15 m/s çenli ýetip biler.