Eýranyň Turkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet merkezi isleg bildiren hemmelerini miniatýura surat çekmek we altyn bilen bezemek sungaty boýunça ussatlyk sapaklaryna gatnaşmaga çagyrýar. Bu barada Aşgabatdaky diplomatik wekilhananyň Medeniýet merkezinden Takyk saýtyna habar berildi.
Sapaklar 1-nji noýabrdan 10-njy noýabra çenli bu däp bolan Eýran senetiniň ussatlarynyň gönüden-göni gatnaşmagy bilen geçiriler. Seýdesahar Haşemi miniatýura sungatyny, Najme Hossenian bolsa altyn bilen bezemek sungatyny öwreder.
Gatnaşyjylar ähli zerur materiallary özleri taýýarlarlar. Ussatlyk sapaklaryna ýazylmak üçin 93-42-11 telefon belgisine jaň edip bilersiniz. Guraýjylar ajaýyp el işleriniň muşdaklaryna garşylaýarlar.





