Screen not supported
Oýun sanawy

Ivan Wolynkin - Russiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi
Russiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ivan Wolynkin:
«– Russiýada bolşy ýaly, Türkmenistanda-da Watany goraýanlaryň ýady keremdir, mukaddesdir. Häzirki döwürde Türkmenistan taryha aýratyn sarpa goýýan döwletiň nusgasy bolup durýar. Umumy ýeňişimiziň ýadyny ebedileşdirmäge gönükdirilen başlangyçlarymyzy goldaýandygy üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirmegi isleýärin.
Türkmenistanyň ilatynyň ilçihanamyzyň geçiren işine — Beýik Watançylyk urşunyň meýdanlarynda öz adyny bakylaşdyran gahryman türkmen ýigitleri barada neşirleri ýerleşdirmek boýunça çäresine — gyzgyn goldaw bilen gatnaşandyklaryna guwanýarys. Alnan ähli maglumatlar biziň saýtlarymyzda we sosial ulgamlarymyzda ýerleşdirildi.»