Screen not supported
Oýun sanawy

Faryal Leghari - Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanyňdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi
Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanyňdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi doktor Faryal Leghari:
«TAPI gaz geçiriji we TAP energetika taslamasy ýaly bilelikdäki uly taslamalar iki ýurduň energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny has-da ýakynlaşdyrýan möhüm faktora öwrüldi. Pakistan Türkmenistan energiýa çeşmeleriniň strategiýa taýdan möhüm ähmiýetini we ýurduň energetika syýasatynyň kemala gelmegindäki öňdebaryjy ornuny ýokary baha berýär hem-de Türkmenistany sebitde ygtybarly energiýa üpjün ediji hökmünde görýär.
Pakistan, şeýle hem, Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk syýasatyny we gepleşikler arkaly konfliktleri parahatçylykly çözmek ugrunda edýän ygrarlylygyny ykrar edýär we ýokary bahalaýar. Türkmenistanyň bitaraplyk ýagdaýy oňa konfliktleri çözmek, sebitleýin parahatçylygy pugtalamak, hem-de araçylyk we gepleşikler arkaly özara düşünişigi ösdürmek üçin möhüm platforma üpjün edýär».