Screen not supported
Oýun sanawy
THE: "Türkmenistan ýokary bilimi halkara ülňülere laýyklykda ösdürýär"
«Times Higher Education» («THE») guramasynyň Ýakyn Gündogar we Afrika boýunça prezidenti bilen geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň halkara akademiki giňişlige gatnaşygyny giňeltmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu duşuşyk Bütindünýä bilim forumynyň (Education World Forum 2025) geçirilýän ýeri bolan London şäherinde geçirildi.
Duşuşykda Türkmenistanyň 2052-nji ýyla çenli ýokary bilimiň ösüş strategiýasy boýunça alnyp barylýan işler hem aýratyn bellenildi.
Nik Dewis bu strategiýanyň halkara ülňülere laýyklykda işlenilýändigini belledi we «THE-niň» Türkmenistan bilen ýokary bilimi ösdürmek strategiýalarynyň dürli ýurtlardaky tejribesi boýunça barlag netijelerini paýlaşmaga taýýardygyny aýtdy.
Geçirilen duşuşyk halkara hyzmatdaşlaryň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigini we ýurduň dünýä bilim giňişligindäki ornuny berkitmäge taýýardygyny görkezdi.