Screen not supported


Oýun sanawy

Bişkekde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan maslahat geçirildi

Bişkekde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan maslahat geçirildi

1.942k
19 Aprel. 06:27

Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasy 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Gyrgyzystanyň Ý.Balasagyn adyndaky milli uniwersitetinde «tegelek stol» gurnady.

 

Çärä bu uniwersitetiň talyp-mugallymlary, şeýle-de wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly birigip, Türkiýe Respublikasynyň uniwersitetinden alymlar gatnaşdy.

 

«Tegelek stoluň» dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmegiň ähmiýeti barada nygtaldy. Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistan tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän hem-de ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy we dostlukly gatnaşyklary berkitmäge ýardam edýän açyk gapylar syýasaty barada aýratyn bellenip geçildi.

 

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamynda geçirilmegi meýilleşdirilen Türkmenistanyň bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän ýokary we iň ýokary derejedäki çärelere aýratyn üns çekildi.

 

Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň hallkara giňişliginde ýeten ýokary sepgitlerini şöhlelendirýän wideoşekiller görkezildi, şeýle hem gatnaşyjylary türkmen halkynyň baý medeni mirasy bilen tanyşdyrýan sergi gurnaldy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi



























TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ

Maglumat ýok