Screen not supported


Oýun sanawy

Türkmenistanyň Köneürgenç etrabynda täze döwrebap obanyň gurluşygy başlandy

Türkmenistanyň Köneürgenç etrabynda täze döwrebap obanyň gurluşygy başlandy

7.948k
13 Few. 09:37

Türkmenistanyň Köneürgenç etrabynda 98 gektara barabar meýdany tutýan ýer böleginde täze döwrebap oba gurulýar. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” habar berdi.

Bu obada 400 bina, şol sanda kottejler we ösen infrastruktura – 420 orunlyk mekdep, 160 orunlyk çagalar bagy, saglyk öýi, medeniýet öýi, aragatnaşyk merkezi, toý mekany, bazar, dükanlar we ýangyn söndüriş bekedi bolar.

Ýaşaýjylara amatly şertleri döretmek üçin Han-ýap kanalynyň we zeýkeş kollektorynyň üstünden iki sany awtoulag köprüsi guruldy. Şeýle hem ýerli ýaşaýjylary iş bilen üpjün etmek üçin kömelek we limon ösdürmäge niýetlenen ýyladyşhana döretmek meýilleşdirilýär. Gurluşyk işlerine hususy kärhanalar işjeň gatnaşýarlar.



























TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ

Maglumat ýok