Screen not supported


Oýun sanawy

Türkmenistanda "ICT Start-Up" bäsleşigine kabul ediş dowam edýär

Türkmenistanda "ICT Start-Up" bäsleşigine kabul ediş dowam edýär

747
26 Few. 09:01

Türkmenistanyň Bilim ministrligi ýurdumyzyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde “ICT start-up: durnukly ösüş üçin innowasiýa tehnologiýalary” atly innowasiýa taslamalary boýunça bäsleşige hasaba almagy dowam edýär. Bäsleşik 2025-nji ýylyň 18-19-njy aprelinde geçiriler.

Bäsleşigiň maksady, telekeçilik başarnyklaryny ösdürmäge we öz kärhanalaryny döretmäge ymtylýan zehinli ýaşlary goldamakdan ybaratdyr. 30 ýaşa çenli bilim ýa-da ylmy edaralar tarapyndan hödürlenen, degişli başarnyklara eýe bolan ýaşlar gatnaşyp bilerler.

Bäsleşik ýedi ugur boýunça geçiriler: emeli aň, robototehnika we awtomatlaşdyrma, akylly oba hojalyk tehnologiýalary, akylly şäher, bilim we elektron okuwy, sanly lukmançylyk, hyzmatlar ulgamy.

Has giňişleýin maglumat şu salgyda elýeterlidir: https://education.gov.tm/competition-details/124



























TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ

Maglumat ýok