Screen not supported


Oýun sanawy

Coursera Türkmenistanyň Bilim ministrligine bilimiň hilini we dolandyrylyşyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen ekosistemany hödürledi

Coursera Türkmenistanyň Bilim ministrligine bilimiň hilini we dolandyrylyşyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen ekosistemany hödürledi

1.586k
29 Okt. 06:01

27-nji oktýabrda Waşington şäherinde geçirilen iş duşuşygynda Coursera kompaniýasynyň wekilleri Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýetine platformanyň mümkinçiliklerini görkezdiler we onuň ornaşdyrylmagynyň mümkin bolan görnüşleri bilen tanyşdyrdylar. Duşuşygyň esasy ugry ulgamlaýyn hyzmatdaşlyga gönükdirildi: öňdebaryjy uniwersitetleriň we kompaniýalaryň mazmunyna elýeterlilikden başlap, analitika, maglumat panelleri (dashboard) hem-de fakultetler we ýokary okuw mekdepleri derejesinde başarnyklaryň dolandyrylyşyna çenli ugurlary öz içine aldy.

Coursera tarapyndan hödürlenen toplumlaýyn ulgam bilimi aýratyn kurslaryň toplumy hökmünde däl-de, “mazmun — baha bermek — analitika — dolandyryş çözgüdi” görnüşindäki dolandyrylýan aýlaw hökmünde garamaga mümkinçilik berýär. Kompaniýanyň wekilleri administratorlaryň we mugallymlaryň görnetin gözegçilik panelleri arkaly okuwçylaryň gatnaşygyny we okuwlaryň tamamlanmagyny görüp bilýändiklerini, başarnyklaryň ösüşini yzarlap bilýändiklerini, taýýarlykdaky ilkinji kemçilikleri wagtynda anyklap, okuw ugurlaryny we ders meýilnamalaryny derrew düzedişden geçirip bilýändiklerini düşündirdiler. Şeýle hem platformanyň ýokary okuw mekdeplerinde eýýäm ulanylýan elektron okuw ulgamlaryna birikdirilýändigi, uniwersitet hasaby arkaly birleşdirilen giriş (single sign-on) mümkinçilikleriniň bardygy, şeýle hem şahsy maglumatlary goramak boýunça talaplara laýyklykda howpsuz maglumat alyş-çalyşynyň üpjün edilýändigi aýratyn bellenip geçildi.

Duşuşykda dünýä derejesindäki mazmuna aýratyn üns berildi. Coursera Stanford uniwersiteti, Miçigan uniwersiteti, Londondaky Imperial College we “Ivy League” uniwersitetleri ýaly öňdebaryjy okuw jaýlarynyň, şeýle hem Google, Meta, IBM, Microsoft we Amazon Web Services ýaly dünýä kompaniýalarynyň sertifikatlaşdyrylan okuw ugurlaryny görkezdi. Coursera-nyň bahasyna görä, şeýle katalogyň ornaşdyrylmagy, onuň düzümindäki obýektiw baha beriş serişdeleri bilen birlikde, ýokary hilli bilimi üpjün etmegiň jemi çykdajylaryny ep-esli azaltmaga, şol bir wagtda akademiki netijeleri ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Munuň logikasy aýdyň: eger talyp okuwy doly özleşdirse, ol muny sertifikat arkaly tassyklaýar; eger özleşdirmese, ulgam kemçiligi belläp, şahsy okuw meýilnamasyny düzýär we “bilimsiz baha” almak mümkinçiligini aradan aýyrýar.

Coursera-nyň wekilleriniň bellemegine görä, platformanyň okuw prosesine integrasiýasy bilimiň mazmunyny we usullaryny halkara ölçeglerine laýyk derejä çykarmaga mümkinçilik berýär. Bu ýagdaýda okuw meýilnamalary öňdebaryjy uniwersitetleriň materiallaryna hem-de belli bir hünär ugruna gönükdirilen iş ugurlaryna esaslanýar. Netijede, okuw netijeleriniň halkara derejesinde deňeşdirilmegi we tanalmagy güýçlenýär: dünýä belli uniwersitetleriň we kompaniýalaryň sertifikatlary milli diplomy tamamlaýar we iş berijiler hem-de akademiki hyzmatdaşlar tarapyndan uçurymlaryň tassyklanan başarnyklaryna bolan ynamy ýokarlandyrýar. Şol bir wagtda Coursera bu ýagdaýyň diplomlaryň hukuk taýdan deňeşdirilmegini göz öňünde tutmaýandygyny, üstünlikleriň mazmunyň ýokary hiline, netijeleriň obýektiw tassyklanmagyna hem-de maglumatlara esaslanýan maksatnamalaryň yzygiderli kämilleşdirilmegine daýanýandygyny nygtady.

Coursera tarapyndan hödürlenen mümkin bolan ornaşdyryş modeline görä, başlangyç tapgyr hökmünde çäkli göwrümli pilot taslamanyň geçirilmegi teklip edildi. Bu taslama inženerçilik, maglumat tehnologiýalary, energetika, syýahatçylyk we oba senagaty ýaly ileri tutulýan ugurlarda okaýan ýokary kurs talyplaryny we mugallymlary öz içine almaly. Şeýle pilot taslama arkaly hakyky maglumatlar esasynda mazmunyň sazlaşygy anyklanyp, gözegçilik panelleri doly synagdan geçiriler, sertifikatlaşdyryş proseduralary kämilleşdiriler, mugallymlar-mentorlar taýýarlanylar we giňeltmäge taýýarlykly durnukly model emele getiriler. Pilot tapgyrynyň netijeleri boýunça giňeltmek barada esasly çözgüt kabul ediler, guramaçylyk we söwda-tehniki şertler degişli tertipde ylalaşylar. Coursera-nyň bellemegine görä, şeýle tapgyrlaýyn çemeleşme netijeliligi ölçemäge, ornaşdyrylyşy durnukly saklamaga we taslamanyň iş bazarynyň häzirki hem-de geljekki isleglerine iň ýokary derejede laýyk gelmegine mümkinçilik berýär.

Türkmen tarapy öz gezeginde meseleleriň anyk ugurlary boýunça jikme-jik maslahatlaşmaga gyzyklanma bildirip, milli ileri tutulýan ugurlary nazara almak bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň mundan beýläk-de derňelmegine taýýardygyny tassyklady.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim Ministrligi