Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky ilçihanasy ýurtda ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlaryna ýüzlenip, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň migrasiýa kanunçylygyny hem-de ýurtda bolmagyň ähli hereket edýän düzgünlerini berk berjaý etmegiň zerurdygyny ýatlatdy.
Diplomatik wekilhana wiza möhletleriniň we ýaşamak üçin beýleki rugsatnamalaryň wagtynda uzaldylmagynyň, şeýle hem ABŞ-nyň migrasiýa kanunçylygyna laýyklykda iş rugsatnamalarynyň alynmagynyň hökmanydygyny aýratyn belledi.
Ilçihana migrasiýa düzgünleriniň bozulmagynyň agyr netijelere — jerime salynmak, ABŞ-dan deportasiýa edilmek we soňra ýurda girmegiň gadagan edilmegi, uzak möhletleýin wiza ýa-da beýleki rugsatnamalary almak mümkinçiliklerinden mahrum bolmak; ABŞ-nyň migrasiýa edaralary tarapyndan tussag edilmek ýa-da beýleki çäklendirmeler ýaly netijelere alyp biljekdigini duýdurdy.
Şol bir wagtda, diplomatik edarasy Türkmenistanyň raýatlaryna ilçihanada konsul hasabyna durmagyň möhümdigini ýatlatdy. Bu prosedura daşary ýurtda ýaşamagyň kanunylygyny tassyklaýar, konsul hyzmatlaryny almakda ýeňillik döredýär we gyssagly ýagdaýlarda hukuk kömegini almaga mümkinçilik berýär.
Ilçihana düşünje bildirendikleri üçin watandaşlara minnetdarlyk bildirip, ýüze çykyp biljek kynçylyklardan gaça durmak hem-de konsul hyzmatlaryny öz wagtynda almak üçin ähli kanuny talaplara jogapkärçilikli çemeleşmäge çagyrdy.