Screen not supported


Oýun sanawy

Aşgabatdaky Fransuz instituty çagalaryň arasynda küşt boýunça bäsleşigik geçirer

Aşgabatdaky Fransuz instituty çagalaryň arasynda küşt boýunça bäsleşigik geçirer

647
05 Iýul. 07:04

Türkmenistandaky Fransuz instituty Türkmenistanyň küşt federasiýasy bilen bilelikde 12-nji iýulda, şenbe güni çagalaryň arasynda küşt boýunça bäsleşigik gurnaýar. Bäsleşik Fransuz institutyň binasynda sagat 10:00-dan 13:00-a çenli geçiriler.

Bäsleşige 2007-nji ýyldan soň doglan we FIDE (Halkara küşt federasiýasy) reýtingi 1600-den ýokary bolmadyk ýaş küştçiler gatnaşyp bilerler. Guramaçylar görkezilen talaplara laýyk gelýän ähli isleg bildirýän ýaşlaryň gatnaşyp bilýändigini belleýärler.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýörite ssylka (https://docs.google.com/forms/d/e/1FAIpQLSd6nt2lF4UGEP2WT6tE4EccVNLUahgN__k3w0o2qZkNWyrSYQ/viewform) ýa-da ýaryşyň afişasynda ýerleşdirilen QR-kod arkaly öňünden hasaba alynmak zerurdyr. Goşmaça maglumatlary çäräniň guramaçylaryndan alyp bilersiňiz.



























TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ

Maglumat ýok