2025-nji ýylyň 30-njy iýulyndan 4-nji awgusty aralygynda Günorta Koreýada geçirilen kuraş boýunça 14-nji Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy topary üstünlikli çykyş etdi.
Çempionatyň netijelerinden boýunça Türkmenistanly türgenler 16 medal gazandy: 1 altyn - 78 kilograma çenli agram derejesinde Sabina Kadyrowa tapawutlandy, 6 kümüş we 9 bürünç medal.
Bäsleşigiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky adatdan daşary we doly ygtyýarly wekili Begenç Durdyýew gatnaşdy. Ol bedenterbiýäniň we sportyň ösüşi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny belledi.
Şeýle hem ol çempionatyň BMG tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen yglan edilen Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak ýylynda we ýurduň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilmegi uly ähmiýete eýedigini nygtady.
Halkara ýaryşa Aziýanyň 25-den gowrak ýurdundan 600 töweregi türgeniň gatnaşandygyny bellemek gerek.