Screen not supported


Oýun sanawy

Aşgabatda täze awtobuslar ugurlaryna çykdylar

Aşgabatda täze awtobuslar ugurlaryna çykdylar

1.207k
Bugün 12:11

Türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin Garaşsyzlyk baýramyna ajaýyp sowgat bolup, «Yutong» kysymly täze, döwrebap ýolagçy awtobuslary ugurlaryna çykdy. Takyk saýtynyň habarçysynyň habar bermegine görä, ýakynda Hytaýdan Türkmenistana bu kysymly tehnikalaryň 700-si geldi.

15-nji sentýabrda irden şähere ugramazdan ozal, din wekilleri we hormatly ýaşulular däp bolan doga-dilegleri okap, ulaglaryň işine ak pata berdiler. Şondan soň 12 metrlik üç gapyly awtobuslar ýolagçylara hyzmat etmäge başladylar.

Mundan ozal habar berlişi ýaly, bu howpsuz awtobuslar bolup, olar «Euro-5» ekologiýa derejesine laýyk gelýär we hereket etmegi amatly edýän öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan.

Döwrebap awtobuslarda kuwwatly howa çalşyjy ulgam (kondisioner) bar, olarda bank kartlary we QR-kodlar arkaly ýol kireýini tölemek üçin döwrebap ulgam ornaşdyrylan. Şeýle-de, bu ýerde awtomatiki tizlige gözegçilik we GPS-navigasiýa ulgamy hereket edýär. Ýolagçylara maglumat bermek üçin döwrebap audio we wideo enjamlary ulanylýar.

Täze awtobuslarda maýyplygy bolan adamlar üçin hem ähli amatlyklar göz öňünde tutulandyr.