Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa ýurduň Tehas ştatynda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.
Türkmen döwletiniň Baştutany gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.