2025-nji ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistanyň wekiliýeti Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçirilen Halkara dokma forumyna gatnaşyp, ýurdumyzdaky ýokary hilli pagtadan öndürilýän önümleriň öndürilişi, dokma senagatynyň ösüşi, döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, eksport mümkinçilikleriniň giňeldilmegi hem-de dokma pudagynda doly önümçilik zynjyrynyň döredilmegi babatynda ýetilen esasy üstünlikleri tanyşdyrdy.
Foruma Merkezi Aziýanyň we beýleki sebitleriň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň hem-de öňdebaryjy dokma kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdy.
Çäräniň çäklerinde türkmen wekiliýeti Täjigistanly we beýleki ýurtlardan bolan degişli ugurlardaky kompaniýalaryň wekilleri bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda dokma pudagynda işewür hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri, tejribe we tehnologiýa alyş-çalyşygy boýunça pikir alşyldy.
Türkmenistanyň wekiliýeti şeýle hem Duşenbe şäherindäki «Guliston» fabrigi ýaly dokma kärhanalaryna baryp, ol ýerlerde alnyp barylýan önümçilik işleri hem-de hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri bilen tanyşdy.