Screen not supported


Oýun sanawy

Türkmenistanyň nebit-gaz uniwersitetiniň talyplary Malaýziýada tejribe geçýärler

Türkmenistanyň nebit-gaz uniwersitetiniň talyplary Malaýziýada tejribe geçýärler

1.246k
22 Iýul. 09:30

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyp hem-de mugallymlaryndan ybarat topar «Petronas» kompaniýasynyň Malaýziýa Tehnologiýa uniwersitetine tanyşlyk saparyna ugrady. Olar bu ýerde bilimlerini artdyrmak we hünärlerini kämilleşdirmek boýunça tejribe geçerler. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär. 

Saparyň 2024-nji ýylda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen «Petronas» kompaniýasynyň arasynda baglaşylan özara düşünişmek baradaky Ähtnama laýyklykda amala aşyrylýar.

Türkmen wekillerine täze tehnologiýalaryň işlenip düzülmegi, sanly tehnologiýalaryň we emeli aňyň önümçilige ornaşdyrylmagy ýaly ugurlar boýunça ýörite sapaklar geçiriler. Saparyň dowamynda gatnaşyjylar «Petronas» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetinde okuwlaryň gurnalyşy, onuň barlaghanalary, okuw merkezleri, alnyp barylýan ylmy-barlag işleri hem-de kompaniýanyň önümçilik mümkinçilikleri bilen tanyşarlar.

Okuw we önümçilik tejribeligi iki hepdelik bilimleriňi artdyrmak hem-de bir hepdelik hünär kämilleşdiriş okuwlary öz içine alýar.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi



























TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ

Maglumat ýok