Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň üç wekili 2025-nji ýylyň 30-njy iýunyndan 2-nji iýuly aralygynda Moldowa Respublikasynyň paýtagty Kişinýowda geçirilen Peer Learning Initiative (Özara öwreniş başlangyjy) görnüşindäki sebitleýin çärä gatnaşdy.
Bu çäre Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän “Ready4Trade Central Asia” taslamasynyň çäklerinde, Halkara Söwda Merkezi tarapyndan Moldowa Respublikasynyň Gümrük gullugynyň goldaw bermeginde guraldy. Gatnaşyjylar ygtybarly daşary ykdysady gatnaşyjylaryň bilen hyzmatdaşlyk we Ygtyýarly ykdysady operatorlaryň (YYO) maksatnamalaryny ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy tejribeleri öwrenmäge üns berdiler.
Sebitleýin çärä Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Moldowanyň we Türkiýäniň gümrük edaralarynyň hem-de hususy pudagynyň wekilleri gatnaşdy. Olar gümrük dolandyryşyny döwrebaplaşdyrmak, işewürlik üçin amatly şertleri döretmek we YYO maksatnamalaryna hususy pudagyň gatnaşygyny giňeltmek boýunça tejribe alyşdylar.
Çäräniň çäklerinde YYO sertifikatyna eýe bolan moldowan kompaniýalarynyň hem-de Söwda-senagat edarasynyň gatnaşmagynda aýratyn sessiýa geçirildi.