Screen not supported


Oýun sanawy

Türkmenistan bilen Çehiýa Awazada geçiriljek halkara maslahatyna taýýarlygy ara alyp maslahatlaşdy

Türkmenistan bilen Çehiýa Awazada geçiriljek halkara maslahatyna taýýarlygy ara alyp maslahatlaşdy

594
21 Iýul. 08:26

Türkmenistanyň ilçisi Hemra Amannazarow Çehiýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Irji Kozak bilen duşuşyk geçirdi. Söhbetdeşler BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Üçünji maslahatyna taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldylar.

Taraplar bu kategoriýa degişli ýurtlaryň durnukly ösüş maksatlaryny goldamaga gönükdirilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar.

Türkmenistan bilen Çehiýa BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Üçünji maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi üçin halkara meýdançalarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ýakyn özara gatnaşyga ygrarlydyklaryny tassykladylar.

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Üçünji maslahaty 2025-nji ýylyň 4–8-nji awgusty aralygynda Türkmenistanyň “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler. Bu çäre deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň, halkara guramalaryň we ösüş boýunça hyzmatdaşlaryň wekillerini durnukly ösüşe ýetmegiň esasy meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin bir ýere jemlär.