BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň öňüsyrasynda gender syýasatynyň meselelerine we häzirki jemgyýetiň ösüşinde zenanlaryň ornunyň güýçlendirilmegine aýratyn üns berilýär. BMG-niň işjeň hyzmatdaşlarynyň biri bolan Türkmenistan bu ugurda gazanan üstünliklerini görkezýär. Bu üstünlikler «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Forumda belleniler, şol ýerde zenan ýolbaşçylarynyň möhüm duşuşygyny geçirmek meýilleşdirilýär.
Türkmenistan erkekler bilen zenanlaryň deň hukuklaryna we azatlyklaryna, şeýle hem olar üçin deň mümkinçilikleriň döredilmegine ygrarlydygyny aýdýar. Bu ýörelgeler ýurduň Konstitusiýasynda berkidilendir we halkara ülňülerine laýyk gelýär. Resmi beýanatlarda bellenilişi ýaly, gender deňligi ulgamynda daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen konstruktiw hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugrudyr we bu syýasat 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatnamasyna doly laýyk gelýär.
«Türkmenistan ýaly döwletleriň milli strategiýalaryna we daşary syýasat ugruna gender syýasatynyň utgaşdyrylmagy örän möhüm ädimdir. BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň gün tertibine ýolbaşçy zenanlaryň duşuşygynyň girizilmegi, zenanlaryň işjeň gatnaşmazdan global meseleleriň, esasan hem gowşak sebitlerde, netijeli çözülip bilinmejekdiginiň ykrar edilmegidir» diýip, S.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy, tehniki ylymlaryň kandidaty Muhammetguly Çopanow belledi.
Türkmenistanda ýurduň iň iri jemgyýetçilik guramalarynyň biri bolan Zenanlar birleşiginiň ýolbaşçylygynda gelin-gyzlaryň hereketi işjeň ösýär. Zenanlaryň wekilleri döwlet dolandyryşyna, daşary syýasata, telekeçilik işine işjeň gatnaşýarlar, ýurdumyzy ösen döwletleriň hataryna çykarmaga gönükdirilen milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine uly goşant goşýarlar. Şeýle-de, zenanlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak, maşgala, eneligi we çagalygy goldamak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
«Türkmenistandaky Zenanlar birleşigi ýaly guramalaryň jemgyýetçilik-syýasy durmuşda täsirli güýç bolmagy guwandyryjy ýagdaý. Olar döwlet dolandyryşyndan başlap telekeçilige we medeni gymmatlyklaryň goralmagyna çenli dürli ugurlara işjeň gatnaşyp, aýallaryň mümkinçilikleriniň giňelendigini görkezýärler» diýip, Muhammetguly Çopanow aýtdy.
Halkara jemgyýetçiligi gender deňligi ulgamynda Türkmenistanyň alyp barýan anyk çärelerine ýokary baha berýär. Munuň mysaly hökmünde 2023-nji ýylyň noýabrynda Aziýanyň ösüş bankynyň Merkezi Aziýa sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC) maksatnamasy tarapyndan Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşine gender deňligini ilerletmek boýunça medalyň we şahadatnamanyň gowşurylmagyny görkezmek bolar.
Türkmenistanyň gender syýasaty ulgamynda anyk maksatlara gönükdirilen wezipeleri çözmäge jogapkärçilikli çemeleşýändigini bellemek gerek. Ýurdumyzyň 2018 — 2022-nji ýyllar döwri üçin BMG-niň Zenanlaryň ýagdaýy boýunça komissiýasyna hem-de 2022 — 2024-nji ýyllar döwri üçin “BMG — Zenanlar” düzüminiň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanylmagy bu ugurda durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň netijeli häsiýete eýediginiň güwäsidir. Türkmenistan halkara hukuk goraýjy düzümler bilen oňyn hyzmatdaşlygy amala aşyrýar.
2020-nji ýylyň dekabrynda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi, «BMG – Zenanlar» we BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň goldaw bermeginde Merkezi Aziýanyň ýolbaşçy zenanlarynyň dialog meýdançasy döredildi. Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan tarapyndan döredilen bu meýdança sebitde ilkinji bolup, onuň ähmiýeti barha artýar. Türkmenistan şeýle sebitara dialoglara işjeň gatnaşýar.
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde geçiriljek ýolbaşçy zenanlaryň duşuşygy olaryň syýasy, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer işlere goşant goşmaga bolan islegleriniň ykrar edilmegidir. Bu çäre durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, sebitleýin we halkara durnuklylygy üpjün etmek, döwletleriň we halklaryň arasynda ynamy we parahatçylygy berkitmek üçin zenan liderleriň gatnaşmagynyň hökmanydygyny görkezýär. Türkmen zenanlary howanyň üýtgemegi we daşky gurşawyň zaýalanmagy ýaly global howplara garşy göreşde, şeýle hem saglygy goraýyş we bilim ugurlarynda möhüm meseleleriň çözülmegine işjeň gatnaşýarlar.
«Bu ýokary derejeli halkara forumda ýolbaşçy zenanlaryň duşuşygynyň geçirilmegi aýallaryň oňyn gender syýasatdan diňe bir peýdalanýan tarap bolman, eýsem özgerişleriň döredijileri hem bolup durýandyklarynyň ykrar edilmegidir. Olar howanyňň üýtgemegi we durnukly ösüş ýaly çylşyrymly meseleleriň çözgüdine işjeň gatnaşýarlar. Türkmenistanyň şeýle gepleşikler üçin meýdança döretmegi onuň inklýuziwligi we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlylygyny tassyklaýar» diýip, S.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy, tehniki ylymlaryň kandidaty Muhammetguly Çopanow aýtdy.