“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda 9-njy awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Çad Respublikasynyň Daşary işler, afrikan integrasiýasy we daşary ýurtdaky çadlylaryň işleri boýunça ministri - delegaty Fatima Aljina Garfa bilen duşuşdy.
Türkmen tarapy Çad Respublikasynyň wekiliýetine BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) gatnaşandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Taraplar bu çäräniň ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek we durnukly ösüş nukdaýnazarlaryndan ähmiýetini bellediler.
Söhbetdeşler syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerine ünsi çekdiler. Mundan başga-da diplomatlar iki ýurduň wekiliýetleriniň şu ýyl Türkmenistan we Çad Respublikasy tarapyndan guraljak çärelere gatnaşmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şu nukdaýnazardan, şu ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň ähmiýeti nygtaldy.
Myhman hem öz gezeginde “Çad Connection 2030” taslamasynyň çäginde Türkmenistanyň wekilleriniň çärelere gatnaşmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga çagyrdy.
Diplomatlar özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda türkmen-çad gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça bilelikdäki işleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar.