Screen not supported


Oýun sanawy

«Türkmendenizderýaýollary» agentligi iki sany «Ro-Ro» görnüşli demir ýol paromy bilen bir sany gury ýük gämisini gurmak boýunça tender yglan etdi

«Türkmendenizderýaýollary» agentligi iki sany «Ro-Ro» görnüşli demir ýol paromy bilen bir sany gury ýük gämisini gurmak boýunça tender yglan etdi

704
07 Iýul. 11:33

«Türkmendenizderýaýollary» agentligi, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Yslam ösüş bankynyň hem-de OPEK gaznasynyň arasynda gämi gurluşygy boýunça maliýeleşdirme Ylalaşyklarynyň çäginde, iki sany «Ro-Ro» görnüşli demir ýol paromy bilen bir sany gury ýük gämisini taslamaga, üpjünçilige we gurluşygyny dolandyrmaga tender yglan etdi.

Gämi gurluşygy Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda amala aşyrylar. Taslamanyň maksady – milli deňiz flotunyň mümkinçiliklerini we netijeliligini ýokarlandyrmak, şeýle-de ýurduň gämi gurluşyk kuwwatyny ösdürmekden ybaratdyr. Bu taslama deňiz ulagynyň durnukly ösüşine hem-de ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen ýurduň ösüş strategiýasy bilen deňiz ulgamynyň ykdysadyýetdäki paýyny artdyrmaga itergi berer.

Mundan başga-da, Balkan zawodynda gämileriň gurluşygy täze iş orunlaryny döreder.



























TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ

Maglumat ýok