Screen not supported


Oýun sanawy

Türkmenistanyň ilçisi Günorta Koreýada ýaş diplomatlara sapak berdi

Türkmenistanyň ilçisi Günorta Koreýada ýaş diplomatlara sapak berdi

1.645k
25 Iýul. 10:40

2025-nji ýylyň 23-nji iýulynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi Begenç Durdyyew Suwon şäherinde geçirilen Ýaş Ilçileriň Diplomatik Akademiýasynyň tomusky okuw lageriniň gatnaşyjylaryna sapak berdi. Çäre Koreýa ýaşlaryna Türkmenistanyň syýasaty, däp-dessurlary we gymmatlyklary bilen tanyşdyrmak maksady bilen guraldy.

Diplomat bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we goňşuçylyk gatnaşyklary esasynda alnyp barylýan ýurduň daşary syýasaty barada gürrüň berdi. Hususan-da, 2025-nji ýylyň “Parahatçylyk we ynam ýyly” diýip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen baglanyşykly işleri aýratyn nygtaldy.

Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän giň möçberli ösüş maksatnamalary we başlangyçlar bilen tanyşdyrdy. Şeýle hem ol bitaraplygyň 30 ýyllygy, BMG-niň 80 ýyllygy hem-de Türkmenistan bilen Koreýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 33 ýyllygynyň ähmiýetine ünsi çekdi.

Begenç Durdyyew ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Gadymy Merw, Köneürgenç we Nusaý ýaly taryhy ýadygärlikler, Hazar deňzindäki "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy, täze Arkadag akylly şäheri we Aşgabat bilen Seul şäherleriniň arasynda göni howa gatnawlary barada aýdyp, ýurduň syýahatçylyk mümkinçiliklerine aýratyn üns çekdi.

Diplomat şeýle hem Türkmenistanyň ýaşlar syýasaty hakynda gürrüň berdi hem-de koreýaly ýaşlary 2025-nji ýylda ýurdumyzda geçiriljek halkara mekdep olimpiadalaryna gatnaşmaga çagyrdy. Akademiýanyň gatnaşyjylary “Türkmenistan – Koreýa Respublikasy üçin dostlukly ýurt” mowzugynda çykyşlar taýýarlap, Türkmenistanyň daşary syýasaty boýunça soraglar berdiler.



























TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ

Maglumat ýok