Screen not supported


Oýun sanawy

Türkmenistan we Mawritaniýa hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

Türkmenistan we Mawritaniýa hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

656
02 Awgust. 05:29

Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili, Ilçi Wepa Hajiýew 30-njy iýulda Mawritaniýa Yslam Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirdi.

 

Taraplar türkmen-mawritan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy hem-de onuň geljekki ösüş mümkinçilikleri, halkara guramalarynyň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, şeýle-de ulag-logistika ulgamyndaky gatnaşyklary giňeltmäge özara gyzyklanma bildirildi. Duşuşyga gatnaşyjylar şeýle hem sebit we sebitara gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmeginiň ähmiýeti aýratyn bellenildi.

 

Söhbetdeşlikde Awazada geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC3) aýratyn üns berildi.


Çeşme: Halkara habarlar merkezi