Gruziýanyň Batumi şäherinde dünýäniň iň güýçli 107 aýal küştçini jemlän aýallaryň FIDE Dünýä kubogy başlandy. Bu ýaryşa taryhda ilkinji gezek Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň 19 ýaşly kapitany we aýallaryň arasynda FIDE ussady (reýtingi 2135) Läle Şöhradowa gatnaşýar.
Läle Şöhradowa bu mümkinçiligi 2024-nji ýylda Budapeştde geçirilen 45-nji Dünýä küşt olimpiadasynda türkmen zenanlar ýygyndysynyň C toparynda birinji orny eýelemegi bilen gazandy.
Ýaryş Olimpiýa ulgamy boýunça geçirilýär, ol klassiki oýunlar bilen birlikde taý-breýkleri bolan 7 tapgyrdan ybarat. Ilkinji tapgyrda Läle Hindistanly halkara ussat Agrawal Wantika bilen duşuşar (reýtingi 2388).
Dünýä kubogynyň ýeňijisine 50 müň amerikan dollar baýraga we dünýä çempionatyna dalaşgärleriň bäsleşigine gatnaşmak hukugyna eýe bolar.
Erkekleriň FIDE dünýä kubogy 2025-nji ýylyň 31-nji oktýabryndan 27-nji noýabry aralygynda geçiriler. Türkmenistandan bu ýaryşda milli ýygyndynyň lideri, halkara küşt ussady Saparmyrat Atabaýew gatnaşar.