Screen not supported


Oýun sanawy

"Ýüpek ýoly" ralli ýaryşynda türkmen ekipažlary üstünlikli çykyş edýär

"Ýüpek ýoly" ralli ýaryşynda türkmen ekipažlary üstünlikli çykyş edýär

1.120k
14 Iýul. 09:34

Türkmenistandan üç ekipaž, Russiýanyň we Mongoliýanyň çäklerinden geçýän, Irkutsk şäherinden badalga alan 15-nji ýyllyk halkara "Ýüpek ýoly" ralli-marafonyna gatnaşýar. Bu barada “Altyn Asyr” elektron gazeti habar berýär. Prolog tapgyrynyň netijesine görä, türkmen sürüjisi Maksatmyrat Daňatarow kategoriýaly ýeňil ulaglaryň (T2) öňdebaryjylygy eýeledi.

Türkmenistanyň awtomobil sporty federasiýasynyň T2 klasyndaky wekilleri — Nissan Patrol kysymly awtoulaglarda çykyş edýän üç ekipaždan ybarat. Olaryň arasynda 214-nji başlangyç belgili Merdan we Şöhrat Toýlyýewlar doganlar bar — olar 2022-nji ýylyň ýeňijileri we geçen ýylky ýaryşyň kümüş medalyň eýeleri. “Ýüpek ýoly - 2024”-iň bürünç medalçylary Maksatmyrat Daňatarow we Didar Orazmedow 215-nji belgide çykyş edýärler, Meýlis Abdullaýew bilen Italmaz Çaryýew bolsa 216-njy belgide ýaryşa gatnaşýarlar.

Jemi uzynlygy 4 811,6 kilometr bolan ýaryş gatnaşyjylary Gobi çöliniň we Altaý daglaryň üstünden geçirer. Ýol ugrunyň täze ajaýyp nokady hökmünde Baýkal köli görkezilýär. Türgenlere 11 tapgyr garaşýar, olaryň arasynda umumy uzynlygy 2402,33 kilometr bolan ýörite etaplar hem bar.

“Ýol ajaýyp, howa hem gowudyr. Biziň maksadymyz ýeňiş gazanmak, ulag hem özüniň gowy ýagdaýdadygyny görkezdi, hiç hili näsazlyk ýok” diýip, kategoriýanyň häzirki lideri Maksatmyrat Daňatarow ilkinji netijeleri kommentirledi.

"Ýüpek ýoly" rallisi 22-nji iýulda Gorno-Altaýsk şäherinde tamamlanar.



























TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ

Maglumat ýok