Türkmenistanyň at gazanan artisti Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Ýaşlar kamera orkestri Wenada geçirilýän orkestrleriň Bütindünýä festiwalyna gatnaşdy.
Türkmenistanyň orkestriniň çykyşlary klassiki aýdym-sazdan başlap halk döredijiligine çenli dürli medeni ugurlary özünde jemledi. Orkestr Frans Şubertiň re minor tonallygyndaky 14-nji simfoniki kwartetini (Gustaw Maleriň orkestrirlemesi bilen), türkmen kompozitory Meret Annamyradowyň işläp düzen orkestr bilen dutaryň ýerine ýetirmegi üçin niýetlenen «Bu jennetdir» atly halk sazynyň aranjirowkasyny hem-de Astor Pýassollanyň «Tango: Mistik fuga» eserini ýerine ýetirdi.
Bütindünýä orkestr festiwaly 2025-nji ýylyň 23–26-njy iýuly aralygynda «Bir gelejek – biziň iň gowy geljegimiz» şygary astynda geçirilýär. Bu çärä dünýäniň takmynan 40 ýurdundan orkestrler gatnaşýar.