2025-nji ýylyň 4–8-nji awgusty aralygynda Türkmenistanyň “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Üçünji Maslahatyna gatnaşyjylar üçin ýörite “LLDC3” atly mobil goşundy işlenip düzüldi.
Bu goşundy gatnaşyjylara Maslahatyň doly maksatnamasyna, şol sanda bölümçileriň geçiş tertibi we çykyş edýänleriň terjimehaly bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Ulanyjylar konferensiýanyň maksatnamasyndaky üýtgeşmeler barada duýduryş alyp bilerler hem-de çäräniň geçirilýän ýerinde ugrukmak üçin goşundynyň içindäki kartadan peýdalanyp bilerler.
Goşundyny Konferensiýanyň resmi web sahypasyndaky QR-kody skanirlemek ýa-da iOS we Android platformalarynyň programma dükany arkaly ýükläp bolýar. Soňra çärä bellige alnan wagty ulanan elektron poçta salgysyny girizmeli we gelen baglanyşyk ýa-da kod arkaly hasaby işjeňleşdirmeli.