Screen not supported


Oýun sanawy

Türkmenistan Gruziýanyň telekanaly bilen metbugat we aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlyk barada ylalaşdy

Türkmenistan Gruziýanyň telekanaly bilen metbugat we aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlyk barada ylalaşdy

940
17 Iýul. 12:01

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Annasähеt Kakaýew bilen Gruziýanyň "Ýewropa 24" telekanalynyň esaslandyryjysy we baş direktory Waja Medzmariaşwili bilen aragatnaşyk we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça onlaýn duşuşyk geçirildi. Duşuşyk 16-njy iýulda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň goldawy bilen geçirildi.

Gruziýanyň media-holdinginiň ýolbaşçysy Türkmenistan bilen baglanyşykly möhüm wakalary giňden şöhlelendirmäge hem-de ýurduň sebitleýin we halkara giňişligindäki ornuna halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygyň taslamasyny hödürledi.

Ylalaşyga laýyklykda, wideomateriallary taýýarlamak, teleköprüleri guramak çykyşlary hem-de iki ýurduň arasynda bilelikdäki gepleşikleri guramak meýilleşdirilýär. Hususan-da, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC-3) hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek halkara forumyna uly üns berler.

Duşuşyga gatnaşyjylar media hyzmatdaşlygyň ösmeginiň özara düşünişmegi, medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de Türkmenistanyň gazananlaryny dünýäde giňden wagyz etmäge ýardam berjekdigini nygtadylar.



























TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ

Maglumat ýok